Halkara awtoulag ýük daşamak · Balkanabat
Siziň ýükleriňiz
ynamly ellerde.
Türkmenistandan Azerbaýjana, Gruziýa, Türkiýä, Eýrana we Özbegistana - we şol ýurtlardan yzyna. Ygtybarly ulag, öz wagtynda eltip bermek.

- 5ýurt bilen gönüden-göni gatnaw
- 2ugur: eksport we import
- 24/7WhatsApp arkaly aragatnaşyk
01Biz barada
Her bir ýük biziň üçin gymmatly.
Tiz Ädimler hususy kärhanasy halkara awtoulag ýük daşamak we logistika hyzmatlaryny hödürleýär. Ýükleri Türkmenistandan daşary ýurtlara ugradýarys we şol ýurtlardan Türkmenistana getirip berýäris.
Her bir sargyda jogapkärçilikli çemeleşýäris: ýüküň ugruny meýilleşdirýäris, laýyk ulag tapýarys we daşamak işiniň sazlaşykly alnyp barylmagyna yzarlaýarys.
Maksadymyz - müşderilerimiziň wagtyny we çykdajylaryny tygşytlamak hem-de uzak möhletleýin ynamdar hyzmatdaşlygy ýola goýmak.
“Siziň ýükleriňiz ynamly ellerde.”- Tiz Ädimler hususy kärhanasy
























































02Hyzmatlarymyz
Ýüküňizi kabul edýäris, ýoluny meýilleşdirýäris, eltip berýäris.
- 01
Halkara awtoulag ýük daşamak
Türkmenistandan daşary ýurtlara we daşary ýurtlardan Türkmenistana dürli görnüşli ýükleri awtoulaglar arkaly daşamak.
- 02
Ulag üpjünçiligi we ýük tapmak
Ýüküňize laýyk ulagy tapýarys, ulag eýeleri bilen hyzmatdaşlyk edýäris we gatnawy doly guraýarys.
- 03
Logistika we ugur meýilleşdirmek
Ugry, daşamak şertlerini we ulag hereketini meýilleşdirip, iň amatly çözgüdi hödürleýäris.
- 04
Sürüjiler we ulag eýeleri bilen hyzmatdaşlyk
Sürüjiler, ulag eýeleri we ýük iberijiler bilen özara bähbitli, uzak möhletleýin gatnaşyklar.
- 05
Gümrük resmileşdirmesi
Ýüküňiziň gümrük resmileşdirmesine ýardam edýäris we serhetden geçişi aňsatlaşdyrýarys.
- 06
CMR we ýük resminamalary
CMR ýük ýol haty we beýleki zerur resminamalary taýýarlaýarys.
- 07
Ýük ätiýaçlandyrmasy
Ýolda ýüze çykyp biljek töwekgelçiliklerden goramak üçin ýüküňizi ätiýaçlandyrmagy guraýarys.
- 08
Ammarda saklamak
Ýükleri ugratmazdan öň ýa-da eltilenden soň ammarda howpsuz saklamak.
Demir ýol we howa ýoly arkaly daşamak hyzmatlaryny hödürlemeýäris - biz awtoulag ýük daşamagyň hünärmenleri.
03Halkara ugurlarymyz
Türkmenistan - bäş ýurt. Iki ugurda hem.
Ýükleri Türkmenistandan ugradýarys we görkezilen ýurtlardan Türkmenistana getirýäris. Ýük iberijiler üçin ygtybarly ulag, sürüjiler üçin bolsa amatly ýük.
04Soňky ýüklerimiz
Turbalar, enjamlar, rezerwuarlar, harytlar.
Bu ýerdäki suratlaryň hemmesi biziň guran gatnawlarymyzdan. Ýüküňiz näçe uly ýa-da çylşyrymly bolsa-da, laýyk ulagy tapýarys.
05Ýörelgelerimiz
Ynam we jogapkärçilik
Her bir sargyda jogapkärçilikli çemeleşýäris. Müşderilerimiz bilen açyk we ynamdar hyzmatdaşlygy ileri tutýarys.
Wagtyň gymmaty
Gatnawlary öňünden meýilleşdirýäris we ylalaşylan möhletleri berjaý etmäge çalyşýarys.
Uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk
Bir gezeklik hyzmatdan has köpi: müşderilerimiz we sürüjilerimiz bilen uzak möhletleýin gatnaşyklar.
Ösüş we netijelilik
Ugurlarymyzy giňeldýäris, hyzmatlarymyzy kämilleşdirýäris we logistikany has netijeli guraýarys.

06Sürüjiler üçin
Biz sürüjileriň ynamy!
Ýolda-da, işde-de ygtybarly hyzmatdaşyňyz.
Sürüjiler - halkara logistikanyň esasy güýji. Biz olaryň zähmetine hormat goýýarys. Türkmenistandan daşary ýurtlara we yzyna ýük gatnawlaryny guramak arkaly sürüjiler we ulag eýeleri üçin yzygiderli iş mümkinçiliklerini döredýäris.
- Iki ugurda hem ýük - boş gaýtmaly däl
- Açyk aragatnaşyk we düşnükli şertler
- Uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk
07Näme üçin biz?

- Halkara awtoulag ýük daşamak boýunça hünär
- Türkmenistany sebit bazarlary bilen baglanyşdyrýan ugurlar
- Ýük iberijiler we ulag eýeleri bilen göni hyzmatdaşlyk
- Ýüküň görnüşine we ugruna laýyk ulag çözgütleri
- Jogapkärçilikli çemeleşme we açyk aragatnaşyk
- Uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ymtylyş
08Habarlaşmak





















